halyk
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
halyk
[ha:lyk] I, at. 1. Düýä özbaşdak ýa-da howudynyň aşagyndan örküç ýeri deşilip salynýan galyň keçe. Bu derýa balyklydyr, Düýämiz halyklydyr (Halk döredijiliginden). 2. Gelnalyjy gidende düýäni bezemek üçin howudyň üstünden atylýan begres ýa-da ýörite çitilip dokalýan haly esbap. Ak kejebäň halygy, Akar suwuň balygy (Halk döredijiliginden). Düýeleriň howutlaryna halyklar gerilýärdi (B. Kerbabaýew).
HALYK [ha:lyk] II, at.1."Ýaradyjy, dörediji" diýen manyda ulanylýan söz. Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, halyk biler (Nakyl). Başyň sag eýlesin ýaradan Halyk, Gutular hak özi berse şypalyk (Şabende). 2.Oglana dakylýan at.