günebakar
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
günebakar
[günövakar], a, ösüml.d. Däneliler maşgalasyna degişli, boýy 1,5-2 m. ýetýän güýçli kökli, şahaly, uly ýaprakly, ösüp boýuny alansoň, tegelek, ortasy güberçek görnüşli baş getirip tohumlanýan bir ýyllyk ösümlik. Baş turba şekilli sary güller bilen örtülýär. Tohumy-çigidi bişip ugransoň, gülleri dökülýär. Başy dik ýa-da eglip duran görnüşde bolýar. Çigidinden ýag alynýar. Günebakaryň başy Günuň hereketi bilen bagly bolansoň, oňa günebakar diýen at berlipdir.