turklehceleri.org

gitmek

Turkish to Pure Turkish Dictionary (Kuleli, 2013)

gitmek

[Köken: Anlam genişlemesi] Gitmek, Varmak

Comparative Turkic Languages Dictionary (Ercilasun, 1991)

gitmek

Türkiye Türkçesi: gitmek
Azerbaycan Türkçesi: getmäk
Başkurt Türkçesi: kitiv
Kazak Türkçesi: ketüv
Kırgız Türkçesi: ketṻ
Özbek Türkçesi: ketmàḳ
Tatar Türkçesi: kitü
Türkmen Türkçesi: gitmek
Uygur Türkçesi: kätmäk
Rusça: uⱨodit uyezjat'

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

gitmek

işl. 1. Duran ýeriňden başga bir tarapa ýöremek, ugramak. Sakar ili bilen ärsary bolup, Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş indi (Seýdi). 2. Işi, käri taşlamak, işleýän, gulluk edýän ýeriňden çykmak, aýrylmak. Işden gitmek. Gullukdan gitmek. 3. Ýerine ýetirilmek, goýlan oýun görkezilmek. Aýgül sahnada gidýän oýna gyzyksa-da, Allaýarow baradaky pikirini öz içine sygdyryp bilmedi (B. Kerbabaýew). 4. Agyr haldaky adamyň jan bermegi, jany çykmagy, ölmegi.Ene: “Balajygym gitdi-le” diýip aglady.5. Göterilmek, gaçmak, aýrylmak. Bidöwletden döwlet gider (Magtymguly). 6. Gitmek işliginiň hal işligiň -yp, -ip goşulmasyny kabul eden şekiliniň yzyndan barmak, durmak, oturmak, bilmek ýaly işlik gelende, täze many öwüşginli düzümli işlik ýasalýar: Gidip barmak gitmegini dowam etmek. Gidip oturmak gitmek hereketi dowam edip durmak; köp ýöremek. Olar oba häli ýeteris, şindi ýeteris diýip, şol gidip otyrlar, gidip otyrlar.
 ‣Gözüni açyp gitmek durmuşyndan närazy, armanly bolup jan bermek.


Last searches: