gawun
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
gawun
[ga:wun], at. 1. Pazyly ýere ýazylyp ösýän, uly ýaprakly birýyllyk bakja ekini. 2. Şu ösümligiň süýji maňyzly, iri, togalak ýa-da süýri miwesi. Onuň yzyndan gawun ýaryp käseleýärler, bedre doly akşekerek üzümiň üstüne sowuk suw guýup, iýmäge başladylar (A. Gowşudow).
‣ Gawun-gawundan reňk alar birine başga biriniň häsiýeti, hereketi, täsiri geçmek. "Gawun-gawundan reňk alar" diýlişi ýaly, bu-da kän geplemeýärdi.