turklehceleri.org

gargyş

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

gargyş

[garğyş], at. Birine erbetlik arzuw edilip aýdylýan sögünçli dileg, nälet. Könekiler: "Nähak gargyş gaýdyp özüňe barar" diýer ekenler.
 ‣Gargyş almak başga biri tarapyndan özüňe gargalmak, gargyş edilmek. Mert bilen namardyň işi deň bolmaz, Gargyşy köp alsaň, işiň oň bolmaz (Seýdi). Gargyş siňen köp gargalan, gargyşa galyp dürli şowsuzlyklara uçran, köpçüligiň gargyşyny alan. Men bilmeýän, siňenmidir gargyşlar, Geldi bir musallat, dagyldy başlar (Zelili). Gargyş ýagdyrmak bir syhly gargamak, gargyş edip käýinmek. Şemşat zeýrenip, gargyş ýagdyrdy.


Last searches: