eňsi
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
eňsi
at. Sowuk girmezlik üçin öýüň gapysyna tutulýan halynyň bir görnüşi. Edil şol demde gara öýüň bäş ädim öňündäki daş tamyň gapysy şarkyldap açyldy- da, işigiň eňsisi serpilen gara öýüň bosagasynda Enebaý ejäniň äpet göwresi peýda boldy (Gurbanguly Berdimuhamedow, Alem içre at gezer, 9 s.). Ol öýleriň işigindäki agyr eňsiler aşak goýberilen gabak ýaly börtüşip durdy (Ý. Mämmediýew).