turklehceleri.org

dury

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

dury

syp. 1. Bulanyk bolmadyk, bulanyk däl, arassa, tämiz. Dury suw. 2. Açyk, bulutsyz, tot- tozansyz, dumansyz, tämiz (howa hakynda). Jana ýakymly howa durudy (B. Kerbabaýew). 3. Açyk, goýy bolmadyk (reňk hakynda). Dury mawumtyl reňki ony başgalaryndan aç-açan saýlaýardy. 4. göç.m. Sagdynlygyň alamaty hökmünde ýüzi ýagty, lowurdap duran; doly, gaty bir, şeýle bir (saglyk hakynda). Aýgülüň düşünjeli gözleri sahna garasa-da, çala süýnmegräk dury ýüzüne nämäniňdir aladasy kölege salýardy (B. Kerbabaýew). Ol dury sag däl bolsa gerek, ýüzüniň gan-peti ýok. 5. göç.m. Aýdyň, bulaşyk bolmadyk (akyl, pikir we ş.m. hakynda). Kelläň dury işlemek. Dury akyl. 6. Gyryljyk bolmadyk, arassa çykýan (ses hakynda). Bagşynyň dury sesi belent ýaňlanýardy.
 ‣Dury sag hiç hili keseli ýok, sagdyn.


Last searches: