turklehceleri.org

dikeç

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

dikeç

at. 1. Ýasalan çörek gyzan tamdyra ýapylmazyndan öň onuň ýüzüni dürtmek üçin diş-diş gural, dürtgüç. 2. at. Zolak, sütün. Men ýene-de, jübimden eplem-eplem bolan gazeti çykardym-da, özüme zor salyp, iki-üç dikeji okap çykdym (“Edebiýat we sungat”).
 ‣ Dikeç gant aşagy tegelek, ýokarsy çüri gant bölegi. Dikeç ýaly (misli dikeç) dim-dik (adam hakda). Darak geçmez saçlak misli bir dikeç, Naýza gezäp durdy tüýnüge tarap (K. Gurbannepesow).


Last searches: