daşky
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
daşky
syp. 1. Içki däl-de onuň daş tarapyndaky ýa-da daşaryk çykylýan ýerde ýerleşýän. Daşky gapy. Daşky otag. 2. Bir zadyň daş görnüşi, daş tarapy, daş ýüzi. Nebitçiniň iş wagtynda daşky görnüşi haparak, geýim-gejimi gäzliräk bolsa-da, ynsaby aýna ýaly durudyr (B. Kerbabaýew). 3. ser. Daşgyn II. Beýlekisi hem Aşyryň daşkyrak ýeňňeleriniň biridi (B. Gulow).
‣ Daşky gulakdan eşitmek ser. Daş I: daş gulakdan eşitmek. Gudaçylyga gelenlerini daşky gulakdan eşidipdi (B. Kerbabaýew).