bürünç
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
bürünç
I, at. Mis bilen galaýy garyndysyndan emele gelýän metal.
‣ Bürünç asyry bürünçden ýasalan ýaraglaryň, iş gurallarynyň, bezeg esbaplarynyň, gap-çanaklaryň ýaýramagy bilen häsiýetlenýän takmynan b. e. öň 3-1 müňýyllyklary öz içine alýan medeni-taryhy döwür. Bürünç çanlar bürünçden tegelek görnüşde ýasalýan we kakylyp çalynýan gadymy türkmen saz guraly. Çanlary biri-birine urmak arkaly ses alynýar.
BÜRÜNÇ II, at, gepl.d. Tüwi. Atyň kişmiş iýermi, bürünç iýermi? (“Görogly”). Ýagşy diýrler mäş, bürünji, Kem dälsiň hiç aşdan, bugdaý (Mätäji).