turklehceleri.org

boýun

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

boýun

at. 1. Ynsan we janly-jandarlarda bedeniň kelle bilen göwräni birleşdirýän bölegi. 2. Küýze, çüýşe ýaly gap-gaçlaryň agzynyň inçelýän bölegi, bokurdak. Boýny uzyn çüýşe. 3. Geýim-gejimiň kellä geýdirilýän bölegi, ýakanyň ýokarky bölegi, ýaka. Köýnegiň boýny giň bolýar.
 ‣ Boýnuna goýmak biriniň günäsini ýüzüne aýdyp subut etmek. Onuň etmişini boýnuna goýdum. Boýnuna nogta (syrtmak) salmak biriniň ygtyýaryny doly suratda ele almak, özüňe garaşly etmek. Boýnuna (üstüne) ýüklemek bir işiň jogapkärçiligini tabşyrmak, borçly etmek. Boýnuňy almaň sapagy ýaly edip durmak gaýgyly halda başyňy dik tutup bilmän, aşak sallap durmak. Sen näme ederiňi bilmän, boýnuňy almaň sapagy ýaly edip dursuň, kim göwnüňi ýykdy, kim seni çykalgasyz güne saldy? Boýnuny sogurmak öldürmek. Boýny çapgy ýassygy ýaly gaty semräp, boýny ýognan. Boýun almak 1) özüň baradaky bir zadyň hakykydygy, dogrudygy bilen ylalaşmak. Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun, Bir-birmiz tanaman, nobata durus, Geliň, syr saklaman, alalyň boýun, Sol daşy näçämiz göterip ýörüs (G. Ezizow). Men ýalňyşymy boýun aldym. 2) bir işi, ýumşy ýerine ýetirmegi wada etmek, söz bermek. Bular ähli işi bitirmegi boýun aldylar (A. Gowşudow). Boýun bolmak 1) bir işi ýerine ýetirmäge razy bolmak. 2) garaşly bolmak, tabyn bolmak, boýun egmek. Boýun burmak 1) bir zat üçin ötünç soramak, ýalbarmak, birinden haýyş etmek. 2) birine garaşly, bagly bolmak. Boýun egmek (synmak) tabyn bolmak, garaşly bolmak. Olara boýun synmarys (A. Gowşudow). Boýun etmek 1) boýun egdirmek, tabyn etmek. Adamzat özünden güýçli haýwanlary-da özüne boýun edýär (“Edebiýat we sungat”). 2) bir işi ýerine ýetirmäge razy etmek. Olar tä daň atýança saz çalyp bermäge boýun edip gelýärdi (N. Saryhanow). Boýun towlamak (gaçyrmak) bir işi ýerine ýetirmejek bolmak, etmejek bolmak.


Last searches: