aňry
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
aňry
I, at. 1. Bir ýeriň, zadyň we ş.m. arka, ýeňse tarapy. Tamyň aňyrsy. 2. Bir zadyň, ýeriň we ş.m. gutarýan çägi, aňry başy. Bugdaý ekilen ýeriň aňyrsyna ýöräp ýeter ýaly däl. 3. Bir zadyň sanynyň iň soňy. Meýdandaky goýunlary sanap, aňyrsyna çykar ýaly däl. 4. göç.m. Başga ýer(de), ol tarap(da). Seniň bu diýýänleriň aňyrda bolan wakadyr.
‣ Aňry dur, bäri dur edişmezlik sene-mene edişmezlik, sögüşmezlik, ajaşmazlyk. Goňşym bilen ömrüme aňry dur, bäri dur edişen däldirin. Aňryň bäriňe gelmek 1. ýüregiň bulanmak, gusjak, ögäp gaýtarjak bolmak; 2. erbet gaharlanmak; 3. bir bolmasy zady görüp, örän erbet ýagdaýa düşmek. Aňyrsyna çykmak doly gutarmak. Bir gijede kitabyň aňyrsyna çykdy. Aňyrsyndan bärsi ýakyn gaty garry, öler wagty ýakynlaşan.
AŇRY II, at. 1. Bir zadyň düýp-teýkary, gelip çykyşy, asly. 2. Ata-baba, ilen-çalan. Aňyrsy-ha bihal adamlar bolmaly däldir. 3. Aşgazan, mäde. Ýagly- ýüzlini aňrym alanok.
‣ Aňryňa il gonmak nahar-şamdan doýmak, doýa nahar edinmek. Aňyrsyna ýetmek düýp sebäbini bilmek, bir zady çintgäp doly öwrenmek. Her bir zadyň aňyrsyna ýetmän, adama baha berjek bolmaň.