turklehceleri.org

agyz

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

agyz

[ağyz], at. 1. Adamlaryň, haýwanlaryň ýokarky we aşaky äňiniň aralygyndaky iýmek, içmek, ses çykarmak hyzmatyny ýerine ýetirýän dil, diş ýerleşýän beden agzasy. Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer (Nakyl). 2. Iki dodagyň uzaboýundaky aralyk. Böriniň agzy iýse-de gan, iýmese-de gan (Nakyl). Agzy meňli aşa ýakyn, eli meňli – işe (Nakyl). 3. Gap-gajyň zat salmak, guýmak üçin bokurdagy (içine zat salnandan soň dykylýan, bogulýan, daňylýan ýeri). Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup bolmaz (Nakyl). Dykalap-dykalap, agzyny bogup, Torbajygmy egne atan badyma, Gulagmyň düýbüne bir şapbat degip, Özümden gidenim düşýär ýadyma (K. Gurban- nepesow). 4. Topuň, tüpeňiň we ş.m. niliniň gutaran ýerindäki deşik. Topuň agzy hoňkaryp durdy. 5. Girilýän gapynyň, derwezaniň we ş.m. öňi, öň ýüzi. Ol gapynyň agzynda aýak çekip, diňirgenip durdy (G.Kulyýew). 6. Iş, hojalyk gurallarynyň bir zady tutmak, goparmak, döwmek we ş.m. üçin açylyp- ýapylýan haçja şekilli ujy. Atagzynyň agzy. 7. göç.m. Dil. Haý, agzyma geleni şol boldy. 8. Bir ýeriň girelgesi, çykalgasy. Jülgäniň agzy. Hiniň agzy. Gowagyň agzy.
 ‣ Agyz açmak 1) haýran galmak, geň galyp aňkarmak. Adamlar içlerini çekip, agyzlaryny açdylar (B.Seýtäkow). 2) gün ýaşandan soňra iýip-içmek (oraza tutýanlar hakynda). Aýtar enem sen gopgul, ruza agzyňny açgyl (Hoja Ahmet Ýasawy). Agyz beklemek oraza (remezan) aýynda daňdandan garaňky gatlyşýança hiç zat iýip-içmezlik. Agyz birikdirmek bir zady amala aşyrmak üçin pikiriňi bir ýere jemlemek, bir çukura tüýkürmek, dilleşmek, agzybir hereket etmek üçin wadalaşmak. Şonuň üçin-de köpläp, agyz birikdirip, bu işiň hötdesinden gelmegimiz gerek (B. Seýtäkow). Agyzda aş gatyklamak bolsady ekmek, boş, soňy gelmejek wada bermek, dilde hemme zady bol-elin etmek. Il-günüm üçin diýip, agzynda aş gatyklaýar (“Edebiýat we sungat”). Agyzdan-agza geçmek ýuwaş-ýuwaşdan köpçülige mälim bolmak, il arasyna ýaýramak. Agyzda bolmak bir ugurdan dile düşmek, il arasynda adyň ýygy-ýygydan tutulmak. Aýakda bolandan, agyzda bol (Nakyl). Agyz dolduryp aýtmak (geplemek) öwünmek, mahabatly sözler bilen bir zady ulaldyp gürrüň etmek. Ol kesewi ýaly şar gara aýagyny owkalap ýatyşyna: –Şahyr, arkaýyn boluň – diýip, agzyny dolduryp gepledi (G. Kulyýew). Agyz suwarmak iýesiň gelip, ymsynyp ýuwdunmak, gultunmak. Işşek goýnuň terje eti kimiň agzyny suwartmaýar (B.Kerbabaýew). Agyz suwy içilýän suw. Biz geljekde hem halkymyzy ýeterlik möçberde arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge uly üns bereris (Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). Agyz ülňüsini aňmak ser. Agzyny ysgamak. Bize nama aýdyp ber hany, agyz ülňüsini aňaly (“Görogly”). Agyz ýaglamak amala aşmajak zady arzuw etmek, öz ýanyňdan göwnüňi hoşlamak, bolsady ekmek. Ol diýen zatlaryňy eder öýdüp, agyz ýaglap oturma. Agza aňkarmak 1) kişi maslahatyna gulak gabartmak. Göreniň agzyna aňkaryp ýörme. 2) biriniň aýdan sözüne haýran galyp, ony dykgat bilen diňlemek. Oglan ertekiçiniň agzyna aňkaryp otyrdy. Agza-burna gelmek ekinler ýetişip, gawun-garpyzlar bişip, hasylyny ýygnabermeli bolmak (bu aňlatma olaryň hasylynyň eýesine, ekini eken adama nesip etmedik ýagdaýynda ulanylýar). Gawun-garpyzlar bişip başlap, ýaňy agza-burna gelende, güýçli doly ýagyp, ekinleri bir ýanyndan zaýalap gitdi. Agzyna ýapyşmak gürrüňi bes etdirmäge çalyşmak, gürrüňe garşylyk görkezmek. Sen hemişe şolar hakynda gürlesem, agzyma ýapyşýarsyň. Agza, dile düşmek bir iş, waka zerarly ile gürrüň bolmak. Agza gelenini otlamak (otarmak) bolar-bolmaz samahyllamak, aýdýan zadyň manysyna üns bermän gürlemek, biderek ýaňramak. Märekede agza gelenini otlap oturmazlar. Agzy aja degmek tirýek çekip başlamak, tirýeki bolmak, neşe çekmek. Agzy aşa ýetmek ýaşaýyş derejesi, güzerany oňatlaşmak, maddy taýdan üpjün bolmak, mätäçlikden çykmak. Ýetimiň agzy aşa ýetende, burny ganar (Nakyl). Agzy bimaza aş saýlaýan, göwresinde çaga galan, göwreliligiň ilkinji döwrüni başdan geçirýän. Agzy boş (jäheksiz) ýerini-jaýyny bilmän ýaňrap ýören, agzyna eýelik etmeýän. Agzy dek durmazlyk geplemän oturyp bilmezlik, gepläp oturmak. Märekede onuň agzynyň dek durjak gümany ýokdur (“Edebiýat we sungat”). Agzy emzikli ýaly özüni oňarmaýan, öz başyny çarap bilmeýän, agzy sary. Agzy gowşak diýmeli sözi diýip, pikirini aýdyp bilmeýän, özüni oňarmaýan, lellim. – Seniň örän agzyň gowşak (H. Derýaýew). Agzy gum garbamak 1) bir zadyň güýjünden, täsirinden ýüzin ýykylmak, ýüzin ýazylyp gitmek. 2) ölmek. Agzy mumly (mumlanan) ýaly dymma, gürlemän dymyp oňýan, geplemezek. Agzyna ak-da gelse diýmek, gara-da gelse birine diline gelen sözleri aýtmak. Agzyna bek (berk) gepi içinde saklaýan, syr bermezek. Agzyna çöp ölçemek biriniň çenini-çakyny aňmak, agyz ülňüsini aňmak, çenini bilmek. Agzyna goýmak öz ýerlikli hereketi ýa-da jaýdar sözi bilen garşydaşyny ýeňmek, gürlemez ýaly etmek. Agzyna gulp urmak geplemez ýaly etmek, dil ýaryp bilmez ýaly etmek. Agzyna it daňlan ýaly hemişe lakgyldap oturan, yzyny üzmän ýaňraýan, ýaňra, lakgy. Ýeri how, agzyňa it daňlan ýaly bolup oturmasana. Agzyna öýkünmek göwnüýetmezçilik edip, kinaýa bilen biriniň gürleýşine meňzedip geplemek. Beýdişip, biri-birimiziň agzymyza öýkünişip dursak, biz oňly zadyň üstünden barmarys (B. Seýtäkow). Agzyna salyp bermek biriniň diýjek- aýtjak zadyny öwretmek. Kiçijik çaganyň aýtmajak, diýmejek sözlerini onuň agzyna salyp berýärler (“Edebiýat we sungat”). Agzyna sogan dogramazlyk birine boýun bolmazlyk, äsgermezlik etmeklik, sylag- hormat etmezlik. Agzyna suw alan ýaly ser. Agzy mumly (mumlanan) ýaly. Ol agzyna suw alan ýaly boldy. Agzyna suw damdyrmazlyk birine kyn günde kömek etmezlik. Agzyndan düşürmezlik zol-zol gaýtalap durmak, öwgi, alkyş bilen ýatlap ýörmek. Eli- aýagy dert görmesin, Berdi jan diýip agzyndan düşürenok (H. Derýaýew). Agzyndan (kakyp) almak biriniň gürrüňini bölmek, diýjek zadyny özünden öňürtmek, diline gelenini gürrüňdeşine gezek bermän aýtmak. Onuň aýdyp duran sözlerini Ogulgerek agzyndan kakyp aldy (N. Saryhanow). Agzyndan ot saçmak haýbat atmak, düblemek. Agzyndan sagyp almak gep-gürrüňi zoraýakdan aýtdyryp eşitmek. Agzyndan sarysy gitmedik ser. Agzyndan süýt ysy gitmedik. Näme üçin agzyndan sarysy gitmedik oglany iberdiň? (“Hüýrlukga – Hemra”). Agzyndan süýt ysy gitmedik durmuş tejribesi ýeterlik bolmadyk, ýaş, gögele, kemala gelmedik. Agzyny ajatmak birine göwne alar ýaly söz aýtmak, keýpini gaçyrmak. Köneden galan zady ýatlap, onuň agzyny ajatdylar. Agzyny alartmak bir adamy ikinji biri bilen tersleşdirmek, arasyna çöp atmak, biri-birine duşman etmek. Adamlaryň agzyny alartmak erbet zat. Agzyny baglamak gürlemez ýaly etmek, birini öz garşyňa çykmaz ýaly etmek. Agzynyň diýenini gulagy eşitmezlik seljermän, saýlaman, diliňe gelenini aýdyp oturmak, ýaňramak. Agzynyň eýesi däl aýtmasyz gepi gepleýän, diline buýrup bilmeýän ýaňra. Heleý, senem agzyň eýesi-hä dälsiň (“Edebiýat we sungat”). Agzyny öweltmek bir zada haýran galmak, mönlük bilen aňalyp durmak, agzyňy açyp durmak. Agzyny ysgamak biriniň pikirini bilmek, synamak. Agzyny ýerden tapan ýaly hetdenaşa köp gepleýän, bolgusyz zatlar hakynda lakgyldap ýören, ýaňra. Agzyňa alar ýaly däl aýdýan sözleri gaty hapa, aýdar ýaly däl. Onuň adamlara aýdýan sözlerini agzyňa alar ýaly däl, şeýle ýaramaz adam eken. Agzyňa bakdyrmak öz diýeniňi geçirmek, köpe diýeniňi etdirmek. Agzyňa buýurmak 1) gepi-gürrüňi aýtman saklanmak, syr saklamak. Ol agzyna buýurýandyr, oňa syr ynansa bolar. 2) berhiz tutmagy başarmak, iýjek-içjek zadyňy seljerip bilmek. Aşgazanyňdan zeýrenseň, agzyňa buýrarlar. Agzyňa siňek gonduryp ýörmek özüňi oňarman, agzyňy öweldip ýörmek, eliňden iş gelmän, lellimlik etmek, öz başyňy özüň çaramazlyk. Agzyň bilen ak guş almak güpläp, bolar-bolmaz gep otarmak, hemme zady aňsat etmek, amala aşjagy-aşmajagy gümana zatlar hakynda öwünmek. Onuň ýanynda müşgil zat bolmaz, haçan görseň, agzy bilen ak guş alyp oturandyr. Agzyň bir bolmak ylalaşykly bolup, bile hereket etmek (bir işe baş goşaňda, girişeňde). Agzyň bişmek bir zatdan çürkenmek, kösenmek, utulmak, bir işe ulaşyp, çykgynsyz güne düşmek. Tutaryksyz gürrüňden birnäçe gezek agzy bişipdi (A. Durdyýew). Agzyňdan al alsyn (kaksyn) daş etsin, ýaman niýetden daş edewersin. Agzyňdan gaçyrmak bir gürrüňi aýdanyňy bilmän galmak, bir syry duýdansyz paş etmek, diliňden sypdyrmak. Agzyň gyzmak gürrüňe gyzyşyp, çendenaşa köp gürlemek, artykmaç ýaňramak. Eý, Görogly, sen käwagtlar agzyň gyzanda, gaty gidiberýärsiň (“Görogly”). Agzyň suwarmak iýesiň gelmek ýa-da iýmiti görüp, işdäň açylmak. Agzyň tagam tapmak bir zatdan gönenmek, bir işden peýda görmek. Agzyňy deňemek özüňçe bar- ýok bilen deň sanaşyp durmak. Agzyňy gury çöp bilen çalmak baryňy ýok diýip oturmak, gysgançlyk, husytlyk etmek. Agzyňy ýygmak diliňi öz ugruna goýbermezlik, biderek gürrüň etmegi goýmak. Gören zadyňy samrap ýörme-de, agzyňy ýyg! Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny – bogup (Nakyl). Agzy orazaly Oraza aýynda agzyny bekleýän (adam hakynda). Agzy sary ederini bilmeýän gögele, tejribesiz. Seniň ýaly agzy sary oglanyň elinden şol gyzy alyp bilmesem, men hem ussa adymy taşlaryn (A. Durdyýew). Agzyň ýagjarmazlyk 1) tagamly, teýli nahar iýmezlik. 2) nepi degmezlik, haýry ýetmezlik. Ondan agzyň ýagjarasy ýok-la! Agzy ýalak (hatap) ýaly agzy uly, ýiriljäp duran agyzly. Agzyň ýelini almak gürläp keýpden çykmak, müň gepiň başyny agyrtmak. Agzy ýelli bir gürrüňi bolşundan has beter ulaldýan, hakyky ýagdaýy çişirip, üstüne ýalan-ýaşryk goşup gürrüň berýän (adam hakynda). Agzy ýetse, gulagyny iýjek gara nebsiniň ýesiri, açgöz. Agzy ýetse, iki çigniniň etini iýjek nebisjeň, gysganç. Agzy ýirik bolar-bolmaz zatlar hakynda ýaňrap ýören.


Last searches: