turklehceleri.org

agdarmak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

agdarmak

[a:ğdarmak], işl. 1. Birini ýa-da bir zady beýleki tarapyna öwürmek, döndermek. Ýatan daşy agdarmak. Ýatan çagany sagyna agdarmak.2. Bir zadyň üstünden ýykmak; bir zady, birini ýykmak. Bir ok bilen ony agdaryp bildiň, Men seniň goluňa gurban bolaýyn (“Görogly”). 3. Çäýnekden käsä, käseden çäýnege çaýy gaýtaryp guýmak, gaýtarmak. Çaýy üç gezek agdarmaly. 4. Ekişe taýýarlamak üçin ýer depmek; ýer sürmek. Habyp aga şol kepje bilen töwereklerindäki agaçlaryň düýbüni gör, näçe gezek agdarypdy (G. Ezizow). 5. Kitaby we ş.m. sahypama- sahypa açmak, Depderçäni haýdan-haý agdaryp başladym (“Edebiýat we sungat”). 6. Palawyň gyradeň bişmegi üçin aşagyny ýüzüne çykarmak, beýle ýüzüne öwürmek. Tüwi suwuny çekip-çekmänkä agdardy. 7. Dökmek, düňdermek; döküp boşatmak. Ol dolduran bedresini bilgeşleýin agdaryp goýberdi (B. Seýtäkow). 8. Gözüni owasynyň içinde eýläk-beýläk döndermek, gezdirmek. Ol ullakan gözlerini agdaryp, çyny bilen sorady (B. Kerbabaýew). 9. göç.m. Ýykmak, tagtdan düşürmek, iş başyndan aýyrmak. 10. Aty çapyşyga taýýarlamak üçin seýislemek.


Last searches: