turklehceleri.org

Nika

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

nika

[nika:], at. Är-aýallyk gatnaşygyny düzgünleşdirmek däbi, kanuna laýyklykda nikalamak düzgüni. Nika hakyndaky kanun.
 ‣Nika gyýmak adata, dessura görä täze öýlenenleriň är-aýallygyny resmileşdirmek, nikalamak. Nika gyýyp, tutynyň aňyrsyna salanlarynda gyz uludan bir demini alan (A. Salyh). Nikany bozmak biri bilen resmi är-aýal bolup ýaşamaklygy bes etmek, aýrylyşmak. Men adamym bilen nikamy bozmagy göwnüme düwdüm (A. Nazarow). Nika suwy maşgala gurýanlara nika gyýlanda toýçulara paýlanýan, olaryň süýjülikde ýaşaşmaklaryny dileg etmek üçin berilýän süýji suw. Nika ýaşyna ýetmek durmuş gurmaga, kanun boýunça nikalaşmaga ýaşy ýetmek, kämillik ýaşyna ýetmek.


Last searches: