turklehceleri.org

Küşt

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

küşt

I, at. 1. Ini-boýy deň, jemi 64 öýjükli tagtada 32 mal (ak we gara) bilen oýnalýan oýun. Olar dünýäden bihabar bolup, küşt oýnaýardylar. 2. Şol oýun üçin gerek bolan ýörite tagta we mallar. 3. Küşt oýnunda: bir mal ýa-da pyýada bilen şanyň üstüne hüjüm edilende aýdylýan söz. Sen çykarmajak bol, menem çykarjak bolaýyn. Özüňem tur küştden! (N. Pomma).
 ‣Küşdüň çatmak (çatmazlyk ) bir zady ýerine ýetirmek, başarmak üçin gurbuň, güýjüň ýetmek (ýetmezlik). Men küşdüm çatmajak bolsa, ederin, ýerine ýetirerin diýip aýtmazdym. Küşdüň pyýadasy ýaly bolmak durmuşda tutýan orny pes we müçesi kiçi bolmak (adam hakynda aýdylýar). Küşdüň pyýadasy ýaly bolup, sendenem dynmadyk. Küşti berilmek biri işinden, wezipesinden kowulmak, eýeleýän ornundan pyzylmak. Küşti berlende bolsa, elpe-şelpeli güni sypdyrasy gelmän, elinden gelen pyrryldaga ýüz urýar (“Edebiýat we sungat”). Tur küştden küşdüň şasyna edilen hüjümden "sowul, aýryl" diýen manyda aýdylýan aňlatma.


KÜŞT II: küşt depmek küştdepdi oýnuny, tansyny ýerine ýetirmek.


Last searches: