Keşde
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
keşde
at. Owunjak sanjylýan sanjym görnüşinde salnan nagyş. Saçy täze syrylan kellesinde yz goýup giden keşdesi iri gaýalan tahýasyny gozgady (N. Baýramow).
‣ Keşde çekmek keşdeläp nagyş etmek, bir zada keşde salmak. Näzik onuň-munuň halysyny dokap, gaýmasyny gaýap, keşdesini çekip, el hünäri bilen hyzmat edýärdi (A. Gowşudow). Keşde iňňe keşde çekmek üçin inçejik we gysga iňňe. Biri keşde iňňe alyp, ýüregime çalaja sançýan ýaly (“Edebiýat we sungat”). Keşde sapak her dinine aýratynlykda tow berlip işilen sapak. Gözel keşde sapagyny taýynlap goýdy.