Goşmak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
goşmak
[goşmok] I, işl. 1. Bir zadyň üstüni ýetirmek, üstüni doldurmak. 2. Içine garmak, garyşdyrmak. Çala suw goşmak. 3. Köpüň, köpçüligiň arasyna garmak, salmak. Çagalary ulaldyp, il hataryna goşmak. Goýny sürä goşmak. 4. Arabany, azaly we ş.m. mala dakmak; döwek döwmek, ýer sürmek üçin ýabylary ýa-da öküzleri, eşekleri biri-biriniň gapdalyna çatmak. Ol goşa öküzini goşup, ýer sürüp ýördi. 5. Goşgy, şygyr düzmek, ýazmak. Goşgy goşmak. 6. Ýaryşdyrmak, çapyşdyrmak, güýç synanyşdyrmak. Sen meniň bilen atyňy uzaga goşup bilmersiň. 7. Bir zat bilen ikinji zady birikdirmek, ulamak, tapyşdyrmak. 8. Birini başga biriniň ýany bilen ibermek, ýanyna ýoldaş edip bermek. Myhmanyň ýanyna oglumy goşdum. 9. hasap. Bir sana başga bir sany birleşdirip, goşulýan sanyň möçberinde mukdaryny artdyrmak. Başga bir gezek okuwçylaryň ekabyrragy: – Anna kaka, bize diňe goşmagy öwredýärsiň-laý! (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 16 s.).
‣ Goşmak belgisi matematikada: iki sany biri- birine goşmalydygyny aňladýan belgi.
GOŞMAK [goşmok] II, at. Düýäniň bir tohumy, görnüşi.
GOŞMAK [goşmok] III, at. Dowaryň biri-birine ýelmeşip, tokgalanyp guran çöri.