ýeňňe
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýeňňe
at. 1. Özüňden uly doganyň aýalyna bolan garyndaşlyk gatnaşygyny aňladýan söz, gelneje. Ýapynjasyz ýaş ýigit, Buýup dur-la, ýeňňe jan (Halk döredijiliginden). Ýeňňesi bolsa bulara nahar äberip, hemişekisi ýaly çagalary bilen öz otagyna girdi (A. Gowşudow). 2. Özüňden ýaşy uly aýala ýüzlenilip aýdylýan söz. Ýeňňe, alma näçeden? 3. Öýlenýän ýigidiň, çykýan gyzyň gelnejesiniň toýdaky wezipesini aňladýan söz. Gyzyň ýeňňeleri bilen ýigidiň ýeňňeleri aýdyşyk aýdyşdylar.