turklehceleri.org

ýer

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

ýer

at. 1. Öz okunyň we Günüň daşynda aýlanýan älem jisimi. 2. Suwly giňişliklerden galan uly giňişlik. 3. Topragyň üstki gatlagy. Atlar aýaklary bilen ýer peşediler (B. Kerbabaýew). 4. Ýurt, ülke, döwlet, mekan. 5. Biriniň garamagynda, ygtyýarynda peýdalanylýan mellek. Men öz ýerimden ýylda üç hasyl alýaryn. 6. Tomaşa jaýlarynda, otluda we ş.m. oturar ýaly orun. Oturanlar ykjamlanyşyp, oňa ýer berdiler (B. Seýtäkow). 7. Bir zady goýmak, ýerleşdirmek üçin jaý. Özleriniň ulaglaryna ýoldan sowulmaga ýer gözleýärler (A.Gowşudow). 8. Ýatmak üçin ýorgan-düşek ýazylan orun. Gelsem, ejem telärde ýer salypdyr (“Edebiýat we sungat”). 9. Gulluk wezipesi, kär, orun. Ol gowy ýerde işleýärdi. 10. göç.m. Wagt, pursat, mahal. Han küýli janyny emgemeli ýerinde tapylmaýardy (A. Durdyýew). 11. göç.m. Bir zadyň galdyran, ýetiren şikesiniň yzy. Elimiň ýanan ýeri agaryp dur.12. göç.m. Ýaryşlarda gazanylýan, eýelenýän orun. Ýaryşda biziň oýunçylarymyz birinji ýeri eýeledi. 13. göç.m. Nesil, maşgala. Ol gyz gowy ýeriň maşgalasy eken. 14. Ýaşaýyş-durmuş, hojalyk aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ilatly nokatlar. Oba ýeri. Şäher ýeri.
 ‣ Ýer açmak ekilmän ýatan ýeri tekizläp, düzläp, ekmäge ýaramly etmek. Ýer açmagam, öňki ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagam bolar. Ýer – ala, ýurt – ala her bir ýeriň öz aýratynlygy bolýar. Ýer almak makul görülmek, aýdan-diýeniň ýer tutmak, sana geçmek, makul bilinmek. Ýer asty bilen gizlin, ýaşyryn, ogryn. Ýerden alyp, ýere salmak (sokmak) örän erbet käýemek, berk utandyrmak, ýazgarmak. Ýer bagyrtlap aglamak bagryny ýere berip, gussa çekip aglamak. Ýalňyz oglunyň uruşda öldi habary gelen ene ýer bagyrtlap aglady. Ýer bilen ýegsan etmek ýok etmek, bolmadyk ýaly etmek, düp-düz, tep-tekiz etmek. Ýer çalmak 1) sesýetim öňden gidip, göçüň gitmeli ugruny kesgitläp gitmek. 2) öňünden ýurt tutuljak ýeri bellemek. Ýere bakmak 1) sustuň basylmak, utanmak, çekinmek. Ol ýigit gireninden Gülälek utanjaň ýaşlyk joşgunynyň zarbyndan çym gyzyl bolup, barmagyny dişläp, ýere bakyp durdy (H. Ysmaýylow). 2) gaýgy-gama batmak, gaýgylanmak, oý-pikire çümmek, oýlanmak. Ýer depip oturmak aýdylana, diýlene gulak asmazlyk, öz diýeniňi etmeklik, razylaşmazlyk. Näme bolsam, şu ýerde boljak diýip, ýer depip otyr (B. Seýtäkow). Ýer diňlemek ýatmak, uklamak. Ýer dyrmamak (dörjelemek) belli bir netijä gelip bilmän, pikirlenip oturmak, çykgynsyz ýagdaýa düşmek. Ýüzüni aşak salyp, ýer dyrmansoň, ýuwaşja seslendi (B. Kerbabaýew). Oragy bilen ýeri dyrmamaga oturdy (“Edebiýat we sungat”). Ýere girmek 1) ýitirim bolmak, gizlenmek. Ol indi ýere girseň, gulagyňdan çekip çykarar, asmana uçsaň, aýagyňdan çekip düşürer (B. Seýtäkow). 2) gaty utanmak, uýalmak. Utanjymdan ýaňa ýere girdim. Ýere-göge sygmazlyk zady, baýlygy gaty köp bolmak. Onuň zady ýere-göge syganok. Ýere gurt düşen ýaly çendenaşa köp, örän köp, mygyldy, örän köp adamly. Iki-ýana gatnaşýan adamlar ýere gurt düşen ýaly bolup görünýärdi (A. Durdyýew). Ýere siňip barmak keselçilik ýa-da ruhy dartgynlylyk zerarly gaty horlanyp, ysgyn-deramaty gitmek. Özüme näme bolýanyny-ha bilemok weli, ýöne ýere siňip barýan, ýerden galasym gelenok. Ýere sokmak 1) ýok etmek, öldürmek. 2) gaty käýemek, näletlemek, ýazgarmak. Ýer etmek ýerine barmak. Gapy gaty jebis ýapylanok diýip alada etme, basym ýer eder. Ýere ýazylmak bat bilen ýykylmak. Ol ylgap gelşine aýagy bir zada büdräp, ýere ýazylyp gitdi. Ýer garbamak ýere ýüzin ýykylmak, ýere serilmek. Ýer gaty-da, gök yrak hiç zatdan dalda bolmazlyk, öz günüňi özüň görmeklik. Ýer hopmak ýer ýuwutmak, ýitirim bolmak, ýok bolup gitmek. Ýeri gelmek aýny pursaty bolmak, amatly wagty gelmek, mümkinçilik döremek, çemesine düşmek. Ýerinden gelme "bolşy boluş däl, bolşuny diýip-aýdar ýaly däl" manysyndaky anlatma. Olam-a tüýs ýerinden gelme eken-ow, aga gara, gara ak diýip bilýän şeýle adama heniz duş gelmändim. Ýerine düşmek jaýyna düşmek, garaşylandan-da gowy bolmak. Şol söz ýerine düşen eken. Ýerine salmak amatly wagt aňtamak; öwezini ödemek. Ýerine ýetirmek 1) etmeli işi etmek. 2) has gowy edip amal etmek. Ýerini tapmak özünde bar puly harçlamak, başga zadyny özi ulanmak ýa-da birine berip ýok etmek. Eline pul düşdügi, nädýänini bilmersiň, derrew ýerini tapýar. Ýerini tutmak biriniň işini dowam etdirmek, özüňden öňkiniň göreldesine eýermek, biriniň öwezini, ornuny tutup bilmek. Ýeri gelende öz wagtynda, jaýynda, amatly pursatynda. Ýerini üýtgetmek bir örüden başga ýere geçirmek. Ýeriň- gögüň diregi hemme zadyň esasy, iliň bar daýanjy, ýeke-täk göz dikilýän hemaýatçy. Ýeriň pesi bilen assyrynlyk bilen, ýuwaşlyk bilen, ogrynça. Ýeriň tanapyny külterlemek (dartmak) çalt ýöremek, gaty gitmek. Gyrat ýeriň tanapyny külterleýär (“Görogly”). Ýeriň teýinde (aşagynda) ýylan gäwüşese-de bilmek her bir gizlin, ýaşyryn zatlardan hem habardar bolmak, her bir zatdan habarly bolmak. Ýeriňi üýtgetmek başga ýere göçmek. Ýeriň ol ujy örän daş ýer. Seniň öýüň ýeriň ol ujunda eken. Ýeriň ýüzi 1) ýeriň üsti; ýeriň üstki gatlagy. 2) gaty köp adam, hemme kişi. Toýda şeýle bir adam köp eken, ýeriň ýüzi süýşup gelipdir diýdirýär. Ýer sermäp galmak boş galmak. Ýersiz ýere hiç hili sebäp bolmazdan, biderek, geregi bolmasa-da, zerurlyk ýok ýagdaýynda. Ýersiz ýere iki baka alakjamak. Ýer urup, ýerde galan hossarsyz; elinde maly, emlägi galmadyk, garyp, pukara, ýarlykly garyp. Ýerden ýeke çykan hiç hossary, garyndaşy ýok adam, hossarsyz. Ýerden ýörär ýöräp bilýän bar kişi, bary, uly-kiçi hemmesi. Ýer ýaly ýuwaş, gep-gürrüň bilen işi ýok.Ýer ýaly ýigit. Ýer ýarylmady, men girmedim bir zat üçin gaty utanylanda aýdylýar, utanjyňdan ýaňa girere deşik tapmazlyk, masgara bolmaklyk. Ýer ýumruklamak bütinleýin närazy bolup, garşylyk bildirmek. Ýer ýuwudan (çeken) ýaly bolmak zym-zyýat bolmak, ýitirim bolmak, gürüm-jürüm bolmak. Ýer ýüzi 1) ýer togalagynyň ähli ýeri. Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, 3 s.). Ýer ýykyp gözlemek (agtarmak) jan edip gözlemek, tapjak bolup barylmadyk ýer galmazlyk. Ony köçeme-köçe ýer ýykyp gözlediler (“Görogly”).


Axir izdelgen sözler: