ýeke
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýeke
san.1. Bir. Bir otagda ýeke özi. 2. Diňe bir, ýalňyz. Ýeke gezen heder eder (Nakyl).
‣ Ýeke çykan ile goşulmaýan, iliň ugruna gitmeýän, ýeke özüni bilýän. Ýeke çykana ýeke kesek (Nakyl). Ýeke dikrar ýeke-täk perzent, zürýat. Ýeke elli 1) ýeke, bir eli bar, golsuz (adam). 2) kömekçisi, gol-kömegi bolmadyk, ýok. Ýeke elli bolsaň, bar işi özüň etmeli bolýaň. Ýeke gepli bir diýeninden dänmeýän, öz diýenini edýän. Ýeke görmek 1) birini, bir zady bir gezek görmek. 2) ýeke, ýalňyz hasaplamak. Näme, ony ýeke görüp, üstüne azgyrylyşyp durmalymy? Ýeke öýliniň horazy ýaly özüni hondanbärsi tutýan, gopbamsy. Ýeke öýliniň horazy ýaly, pat-patlap ugrady (“Görogly”). Ýeke özi hiç kim bilen däl-de, diňe özi. Garaňkynyň içinde gorkman ýeke özüň geldiňmi?