ýedi
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýedi
san. 7 belgisiniň ady we onuň aňladýan sany.
‣ Ýedi arka adamyň özünden başlap öten ýa-da geljek ýedi nesli. Ýedi arka meňzemän, ýerden göterene meňzärin ene-ata, nesliň beýleki adamlaryna çekmän, göbek enä meňzemek (çaga barada). Çaga: "Ýedi arka meňzemerin, ýerden göterene meňzärin" diýermişin. Ýedi batman unuň hamyrmaýasy ähli zadyň sebäpkäri, belanyň körügi. Ýedi batman unuň hamyrmaýasy şu el ýaly garry aýal bolaýdymy? Ýedi bigäne ser. Ýedi ýat. Ýedi derýanyň suwuny içen diýseň mekir, durmuş tejribesi uly, etjegi içinde, köpi gören, köp çarşenbäni başyndan geçiren. Ol jansyzlaryň içinde hem ýedi derýanyň suwuny içen, köpbilmiş garry bardy (“Görogly”). Ýedi gapyda ýer tapmadyk baran ýerinde ýüz tapmaýan, orun tapmaýan, hemme ýerden kowlup ýören; bozgak, ýaramaz adam. Ýedi gat ýere salmak (sokmak) 1) il masgarasy etmek. 2) ýok etmek, öldürmek. Päk adamy goýmaz ýaly azarda, Ony men ýedi gat ýere salardym (B.Kerbabaýew). Ýedi jynyň biri bolmak gaty halamazlyk, ýigrenmek, ýekirmek. Ýediň enesi ýaly özüni gaty arkaýyn, erkin alyp barýan, özüne göwni ýetýän, janyna agram salmaýan. Ýedi ojagy düzlän baran ýerine agzalalyk salýan, aýagy düşümsiz, oňşuksyz. Ýedi ölçe (biç) bir kes maslahatly, geňeşli bol, oýlanyşykly bol, çigini goýma. Babalarymyzyň "Ýedi ölçe-de bir kes" diýen sözüni ýatdan çykarmalyň (H.Derýaýew). Ýedi pyşdyna ýetmek biriniň tohum- tijine sögmek. Ýedi pyşt ser. Ýedi arka. Men bu adamlaryň ýedi pyşdyna belet, gowy ýerdir. Ýedi uklaňda ýada düşmezlik hiç ýadyňa gelmezlik, ýadyňda-oýuňda ýokluk. Ýedi yklym gadym zamanlarda Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň ýedi sany şertli bölegi. Ýedi yklymdan paç alyp oturan bir uly patyşa bardy (“Görogly”). Ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşla çenli uludan-kiçä hemme kişi, ýerden ýörär. Ýedi ýoluň bendi ýollaryň çatrygy. Ýedi ýat ýedi arkadan aňyrky, garyndaşlyk taýdan daşlaşan adamlar; bigäne, keseki. "Dogan bilen guda boldum, Doganlykdan jyda boldum" nakylynyň ündeýan pikirine eýerip, ol ýedi ýat bilen guda boldy. Ýedi ýoluň ustünde köpüň gözüniň öňünde, hemmä äşgär. Ýedi ýoluň üstünde irkilmek wakalaryň bolup geçýän ýerindekäň hiç zatdan habarsyz galmak.