ýazylmak
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýazylmak
I, işl. 1. Kagyzyň, daşyň, agaç gabygynyň, deriniň we ş.m. ýüzüne bir zady aňladýan ýazgy şekillendirilmek. Biziň ata-babalarymyz tarapyndan geçmişde daşlaryň ýüzüne uzynly-gysgaly ýazgylar ýazylyp galdyrylypdyr. 2. Beýan edilmek. 3. Ýazmaça habar berilmek, ýüzlenilmek. Ylmy maslahat geçirilýänligi hakynda ýerlere öňünden hat ýazylyp habar berildi. 4. Bir zada goşulmak, almak we ş.m. üçin adyň berilmek. Men "Türkmen dili" gazetine ýazyldym. 5.göç.m. Biriniň üstünden şikaýat edilmek. 6. göç.m. Nesip etmek, miýesser bolmak, duşmak. Seniň ýaly maşgala meniň ogluma-da ýazylsyn-da hudaýym! (A. Durdyýew).
ÝAZYLMAK II, işl. 1. Düşelip goýulmak, düşelmek. Ýere ilki palas düşelip, üstündenem uly, galyň keçeler ýazyldy, her keçäniň gyrasyna ikiden- üçden ýassyk taşlandy. 2. Ýaýradylyp goýulmak, pytradylmak. Gök ýapraklaryň aralary bilen geçen gün şöhleleri ýol üstüne ýazylan apbasy-çapraz ýaly ýylpyldy bilen oýnaýardy (B. Kerbabaýew). 3. Ýazgyn edilmek, epini, ýygyrdy düzedilmek. Ütük basylandan soň, ýygyrtlar ýazyldy. 4. Ýazzyny bermek, gaçylmak, ökje göterilmek.
‣Ýere ýazylmak ser. Ýer. Ol ylgap gelşine aýagy bir zada büdräp, ýere ýazylyp gitdi.
ÝAZYLMAK III, işl. Aýak ýoluna gitmek, ýazynmak, ýeňläp gelmek. Ýazylaýyn hem odun alyp geleýin diýip, daş çykdym (N. Pomma).