turklehceleri.org

ýapylmak

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

ýapylmak

işl. 1. Biriniň ýa-da bir zadyň üsti örtülmek, basyrylmak. Hyýarlaryň üsti ýörite örtgi bilen ýapyldy. 2. Baglanmak, beklenmek. Agşam sowugy düşende, penjireler ýapyldy. 3. Bişirmek üçin gyzan tamdyryň iç ýüzüne ýelmenmek. Çörek ýapylmak. 4. Kärhananyň, edaranyň işi bes edilmek. Netijesiz işleýän kärhanalar ýapyldy. 5. Tamamlanmak. Ýygnak ýapyldy. 6. Sylag-hormat edip, halat atylmak, peşgeş berilmek. Egnine halat ýapylan, Gelende aty tutulan... (Halk döredijiliginden). 7. göç.m. Biriniň üstüne günä ýüklenmek, töhmet atylmak. Bigünä töhmet ýapylsa, adama agyr deger. Kimdir birine ogurlyk ýapylmak.


Axir izdelgen sözler: