ýagmak
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýagmak
[ýağmak], işl. 1. Sepelenip ýere düşmek, guýulmak, dökülmek (ýagyş, gar, doly hakynda). Ýagşyň tüýs gerek wagtynda ýagyp durmagy göwünleri galkyndyrdy. 2. göç.m. Yzly- yzyna, yzy üzülmän gelmek. Eli açyk, güler ýüzli, döwletli ýigidiň öýüne çar tarapdan myhman ýagýardy. 3. Yzy üzülmän zyňylmak, atylmak (kesek, daş, ok we ş.m. hakynda). Söweş barýan ýerde asmandan doly ýaly bolup ok ýagýardy.
‣Ýüzünden gar ýagmak – ser. Ýüz. Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok (A.Durdyýew). ÝAGMAKLYK [ýağmaklyk], iş ady. Ýagmak ýagdaýy.