turklehceleri.org

ýaglyk

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

ýaglyk

[ýa:ğlyk], at. Köplenç, kellä daňmak, başa atmak we ş.m. üçin ulanylýan dürli ululykdaky gülli dörtburç mata. Gelniň başyna ýüň ýaglyk atdylar. Köne ýaglygyny atyp başyna, çykdy gahrymanym tamyň daşyna (A.Kekilow).
 ‣ Ýaglyga towusmak adam boýundan has ýokarda asylgy ýaglygy (baýragy) böküp almak bilen bagly milli toý oýny. Milli oýunlarymyz bolan göreş, at çapmak, ýaglyga towusmak adamlaryň saglygyny mäkämlendirýär (“Edebiýat we sungat”).


Axir izdelgen sözler: