turklehceleri.org

öý

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

öý

at. 1. Esasan dört, alty ganatdan ybarat bolup, ýokarky bölegi uk we tüýnük arkaly birleşýän, üsti üzük bilen örtülýän tegelek görnüşli ýaşaýyş jaýy. Ýel garaja öýüň uklaryny şatyrdadyp çaýkap başlady (B. Kerbabaýew). 2. Ýaşaýyş jaýy, tam, otag. 3. gepl.d.Haýwanlaryň, mör-möjekleriň hini, süreni, ýaşaýan ýeri. Çybyk bilen arynyň öýüni gorjama. 4. göç.m. Maşgala, hojalyk. 5. göç.m. Bir hereketiň, aň-düşünjäniň, duýgynyň we ş.m. jümmüşi, içi. Sepil boldum, jümle jahany ýörüp, Gapyl galdym, gam öýünde sargaryp (Magtymguly). 6. göç.m. Ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik binasy; medeni-aň-bilim, ylmy, durmuşy we ş.m. döwlet edarasy we şol edaranyň ýerleşýän jaýy. Nebitçiler öýüniň öňündäki aýtymçada adam has hem kändi (B. Kerbabaýew). Medeniýet öýi. Demirýolçular öýi.
 ‣ Öý eýesi öýe hojaýynlyk edýän adam, öý hojalygyny dolandyrýan, alyp barýan adam. Häzir öý eýesi geler. Öý hojalykçy aýal jemgyýetçilik işinde işlemän, diňe öý, hojalyk işi bilen meşgullanýan aýal. Öýi arkasynda, çemçesi bilinde mesgen tutmaýan, ykmanda, öýsüz-öwzarsyz. Onuň hemişe öýi arkasynda, çemçesi bilindedi. Öýi köýen öýi ýanan kezzap. Şondan peýdalanyp, öýi köýen, doýup galjak- da (R. Allanazarow). Öý işi 1) hojalykda ýerine ýetirilýän dürli häsiýetli işler, hysyrdy. 2) öýde ýerine ýetirmek üçin mugallym tarapyndan okuwça tabşyrylýan ýumuş. Öýüni towuga ýükläýmeli zatsyz, malsyz, baryp ýatan garyp. Öý ýarmak (urmak) ogurlyk etmek, biriniň öý goşlaryny, zatlaryny ogurlamak. Öýüni ýykmak maşgalany dargatmak, çykgynsyz, elhenç ýagdaýa salmak.


Axir izdelgen sözler: