önümçilik
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
önümçilik
[ö:nümçülük], at. 1. Senagatyň, oba hojalygyň önüm öndürilýän pudagy. Şunda diňe biriçerki islegiň üpjün edilmegi we eksportyň artdyrylmagy däl, eýsem täze nebit-himiýa önümçiliklerini ösdürmegiň ugurlary hem nazarda tutulýar (“Türkmenistan”). 2. Jemgyýetiň ýaşamagy we ösmegi üçin zerur maddy baýlyklary döretmek işi. Önümçilik ösdügiçe, adamlaryň islegleri artýar (“Edebiýat we sungat”).