Ýyl
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýyl
at. On iki aýdan ybarat wagt birligi.
‣ Ýyla dönmek köp wagta çekmek, belli bir wagt aralygy uzak bolup görünmek. Her bir aýym ýyla döndi. Ýyl dönümi adamyň, edaranyň, wakanyň we ş.m.doglan, döredilen, bolan senesiniň bellenilýän güni, ýaş toýy. Ýylyny bermek ýogalan, ölen adamyň hatyrasyna ony ýatlap, bir ýyldan ölen gününi etmek, sadaka berip ýogalan gününiň bir ýyllygyny bellemek. Ýyl ýazuwy (ýazgysy) her ýyldaky taryhy wakalaryň, ýerine ýetirilen işleriň ýazuwy, jemi.