Ýorga
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýorga
[ýorğo], at. 1. Käbir atyň, eşegiň ortaça we iň rahat gezeri. At ýorga ýöreýşini edende, öňki we yzky sag aýaklaryny bir wagtda, öňki we yzky çep aýaklaryny hem bir wagtda göterýär. 2. Çapuw däl- de, müngi aty. Toý güni bagşy bilen ýorga dynç ýok (Nakyl). Bular guşlaryny hem ellerine alyp, ýorga artlaşdylar-da gidiberdiler (“Türkmen halk ertekileri”).