ugur
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ugur
[uğur] I, at. 1. Uzalyp gidýän zadyň tutuş boýy, boýdan-başa uzynlygy. 2. Gidilýän ýol, tarap. Barýan ugruňa belet bolmasaň, ýoly-ýodany, ilerini- gaýrany seljermek-de aňsat däl diýip oýlanýardy (B. Kerbabaýew). 3. Hojalygyň belli bir pudagy. 4. Garyndaşlyk topary, tarapy. Ol biziň daýy ugrumyz bolmaly (N. Pomma). 5. Jemgyýetçilik-ylmy akymlaryň belli bir pudagy. Nähili kitaplar onuň okaýany, Bary bir ugurdan, emma kän sany (A. Kekilow). 6. Keýp, maza (çaý hakynda); bir zadyň netijesi, deregi; hil taýdan göwne makullygy. Kemter atsaň ugry bolmaz, Köp atsaň hem dogry bolmaz (K. Gurbannepesow). Bu çaklamamyzyň ugry bolmady.
‣ Ugra barmak ugrukmak, ýola düşmek.Aý, ugra baryp-barman näme, ol öz elimizdäki zat (H. Derýaýew). Ugruna bolmak şowuna düşmek, şowly bolmak, arzuw-maksadyň ýerine ýetmek. Meniňki ugruna boldy. Ugruna bolsun! bir işi başlan adama, bir iş bilen ugran adama edilýän ýagşy dileg. Ugrunaçykmak biriniň ýa-da bir zadyň aladasyny etmek, gözleginde bolmak, soramak, agtarmak. – Biz şu işiň ugruna çykmasak, başga kim çyksyn? – diýip goýmady (“Görogly”). Ugruna goýbermek edenine däl diýmezlik, towugyna tok diýmezlik, hiç zat diýmezlik. Kakasy ogluna zat diýmän, ugruna goýberipdir. Ugruna kowmak ser. Ugruna sürmek Bu örän owadan, owadanyň-da owadany diýip, onuň ugruma kowmagy meni has hem götergiledi. Ugruna sürmek özi bilen ugurdaş gopmak, göwnünden turaýjak sözler aýtmak. Her näme-de bolsa, Hoşgeldi ony ugruna sürdi (A. Gowşudow). Ugruna ýykylmak haýsy hem bolsa bir zady ýerine ýetirmek üçin jan etmek, ymtylmak. Oglanlar başardyklaryndan aýdym-sazyň ugruna ýykylýarlar (“Türkmenistan”). Ugrundan turmak ser. Ugruny tapmak 2. Kuly onuň ugrundan turýardy (A. Durdyýew). Ugruny belertmek bir zadyň nähili edilýändigini az-kem anyklamak. Ugruny belertseň bolýar, işiň galanyny özümiz oňararys.Ugruny tapmak 1) bir zadyň tärini, ýagdaýyny, syryny bilmek; bir zady oňaryp, bejerip bilmek. Heý, galmagyň ugry tapylmazmyka? Ol derrew ugruny tapdy-da, maşyny işlediberdi. 2) biriniň göwnünden turmak, biri bilen umumy dil tapmak. "Nähili ýol bilen ugruny taparkam?" diýip, ol howlugýardy (B. Gulow). Ugruň bolmazlyk 1) saglygyň peselmek, ýaramazlaşmak. Meniň şu gün ugrum bolmady (B. Pürliýew). 2) keýpiň bolmazlyk, gyzyklanmazlyk. Keljäniň bolsa aýdym bilen, goşgy bilen ugry bolmazdy (A. Gowşudow). Ugruňy ýitirmek etjegiňi bilmezlik, aljyramak, özüňi ýitirmek, ugruň gaçmak. Ugruňyz ugur alsyn! okuw, iş, söwda giden adamyň işiniň rowaç almagy arzuw edilip, onuň sag-aman dolanyp gelmegi üçin edilýän ýagşy dileg. Ugry bar bolmak aýdylýan, diýilýän zadyň dogry bolaýmagy mümkin bolmak, dogry çykmak, edilýän gürrüňiň jany bar bolmak, delile dogry gelmek. Dogry, siziň aýdanyňyzyň hem ugry bar. Ugry gaçmak 1) saglygy peselmek, ýaramazlaşmak, tapdan düşmek. Syrkawyň gün-günden ugry gaçýar.2) keýpiň bozulmak, göwünli-göwünsiz ýagdaýa düşmek. Oňa bir ýumuş buýursaň ugry gaçýar. Ugry ýok 1) öňküligi bolmazlyk. Onuň iş bilen ugry ýok.2) hal-ýagdaýy gowy dällik. Ugur alla etmekbir işi bolşuna görä etmek, öz akymyna goýbermek. Ugur almak ser. Ugruna bolmak. Ýöne welin iň ilki onuň özüni çagyryp getirsek, şonda iş örän ýagşy ugur alardy (N. Saryhanow). Ugur haýyr bol-a! (bolsun!) Nirä barýanlygy soralmak arkaly ugran ugruňda haýyr gör diýlen manydaky dileg. Myrat olary görüp: "Ýeri dostlar, ugur haýyr bol-a!" diýdi (N. Pomma).