turklehceleri.org

süýşmek

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

süýşmek

[süýşmök] I, işl. 1. Garnyňy ýere berip hereket etmek, süýşeneklemek. Serhetçi süýşüp ugrady. 2. Ýeriň ýüzi bilen typyp gaýtmak. Dagyň eräp ugran garlary süýşüp, ýoly baglady. 3. Ýuwaşlyk bilen bir tarapa hereket etmek. Ol ýuwaşja süýşüp gelýän gämileri gördi. 4. Oturan ýeriňden gozganmak, oturan ýeriňi azajyk üýtgetmek. Azajyk gyrarak süýşsene. 5. Gaty köp adam gelmek, barmak. Toýa aýal-erkek, uly-kiçi diýmän hemmesi süýşüp barypdyr.


SÜÝŞMEK [süýşmök] II, işl. Gereginden artyp galmak, tygşytlanyp galmak. Gaýnag suwumyz süýşse, siziň hem çäýnegiňizi demläris! Pul süýşse, aljak zadym kop.


Axir izdelgen sözler: