turklehceleri.org

süýt

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

süýt

I, at. 1. Çaga emdirmek üçin aýallaryň göwüs we süýdemdirijileriň ýelin mäzlerinde döreýän ýokumly ak suwuklyk. Dünýä inip agzyň süýde ýetende, Gyzgyn süýdün emdir ene ýüregi (M. Myşşyýew). 2. Sygyr, düýe, ýylky, goýun, geçi we ş.m. käbir haýwanlardan saglyp alynýan iýmitlik suwuk önüm. Sygyr diňe alty aý süýt berýär. 3. Käbir ösümlikleriň baldajyklaryndan çykýan ak ergin.
 ‣ Süýtden aýyrmak emýän çagany ene süýdüni emmekden kesmek. Süýdüne galmak çagasy süýtden aýrylmanka göwreli bolmak. Süýdüni ýandyrmak saglyp duran düýe, sygyr bir sebäbe görä sagdyrmazlyk, süýdüni kesmek. Süýt haky köne däbe görä, gyz çykarylanda, gyzyň ejesine emdiren süýdi mynasybetli guda tarapyndan belli bir mukdarda berilýän hak. Süýt kädi uly göwrümli, içi boş, süýt sagylýan, suw daşalýan kädi. Aýallar süýt kädilerini, kersen-çanaklaryny, gazanlaryny ýuwuşdyryp taýýarlapdyrlar (H. Derýaýew). Süýt kesilmek belli bir sebäbe görä bişirilýän süýt çüýräp zaýalanmak. Süýt kölüne batyrmak köp, gowy zady wada bermek.


SÜÝT II: hal. süýdüne (göterimine) almak (bermek) belli bir mukdardaky puly birine berip, soň üstüne goýup almak ýa-da bermek. Süýde berip, ýygnar maly (Zelili).


Axir izdelgen sözler: