syrt
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
syrt
at. 1. Bir zadyň ýa-da biriniň arka tarapy, arka ýüzi, arka. Emma onuň syrtynda oturan oglanlardan birine yşarat edip, gözüne ümledi (B. Kerbabaýew). 2. Beýik ýer, depe, alaň. Gök öleňli beýik syrtlar, Salgym atyp, çöl iňňildär (Şeýdaýy).
‣ Syrty bilen gürleşmek biri bilen tersleşip, gürleşmegini kesmek. Syrty bilen tiken alybermeli horlanyp, gaty iglän çaga. Syrty bogy tutmaz gorkusyna bir zada ýapyşyp bilmedik, gorkak. Syrtyna sapan degen ýaly bolmak bir ýerden örän çalt gitmek. Şeýle diýmek bilen ýigit, syrtyna sapan degen ýaly bolup, ylgap gitdi (B. Seýtäkow). Syrtyndan daş asylan ýaly haýal gymyldaýan, ýalta, işýakmaz. Syrty ýer ysgamazlyk oturmazlyk,işiň köp bolup gara başyňa gaý bolup ýörmek. Syrty ýumakly ýaly bir ýerde geregiçe ýer tutup oturyp bilmezlik.