sylmak
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
sylmak
[sy:lmak], işl. 1. Esasan, ýüzüňi eliň iç ýüzi bilen süpürmek. Eli bilen maňlaýynyň derini syldy 2. "Bize-de miýesser etsin, oňat zat" diýip, eliňi ýa-da toý ýaglygyny ýüzüňe, maňlaýyňa degirmek. – Bir oňatja, aýyň bölegi ýalyjak gyz – diýip, ýüzüne sylypdyr (A. Durdyýew). 3. Iki eliňi öňe uzadybrak açyk halynda iç ýüzüni täze dogan çaga, täze dogan aýa we ş.m. tarap tutup, soňundan hem iç tarapyny açylgylygyna maňlaýyňa degirmek (bu hereket yzly- yzyna birnäçe gezek gaýtalanýar). – Işiňiz şow alsyn – diýip, olaryň giden ugruny ýüzüne syldy (R. Gelenow).