turklehceleri.org

sary

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

sary

[sa:ry] I, syp. 1. Altynyň, bürünjiň, misiň reňkine meňzeş reňkdäki. Sary ýaprak. 2.Oglana dakylýan at.
 ‣ Saryň gaýnamak gyzylödegiň garyn bilen birleşýän ýerinde ýanyp barýan ýaly ýakymsyz duýgy döremek. Şeýle bolanda, birden gäkiligiň azyp, saryň gaýnamagy mümkindir (B. Kerbabaýew). Sary sadylla bolmak näme etjegiňi bilmän ýaýdanmak, intizar bolmak, garaşyp durmak. Sary ýüplüge dönmek reňkiň saralyp, gaty horlanmak.


SARY [sa:ry] II, k.d. Tarap, ugur we ş.m. many aňladýan kömekçi söz. Gulzumy gyr sanyp, kyrk ýol geçer men, Egerki meýl etse, ýar bizim sary (Magtymguly). Iş başynda ýatdan çykar gaýgy-gam, Boş bolsaň, sen sary urýar ol gadam (A. Kekilow).


Axir izdelgen sözler: