turklehceleri.org

namys

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

namys

[na:mys], at. 1. Şahsyýetiň borçlulyk düşünjesi bilen baglylykda ýüze çykýan duýgusy, ýokary mertebä eýe bolan ahlaklylyk, wyždanlylyk duýgusy. Ol öz namysyny gorap bilýän aýal (“Edebiýat we sungat”). 2. Ar, utanç, haýa-şerim bilen baglanyşykly duýgy, mertebe. Namysdan ýaňa ýere giräýjek boldum (“Türkmenistan”).
 ‣ Namys bilmek (etmek) özüňe, adyňa laýyk bilmezlik, pes hasap etmek, aýyp hasaplamak, kemlik bilmek. Namys getirmek biriniň ýa köplügiň abraýdan düşmegine sebäp bolmak, biabraýçylyga sezewar etmek. Olar ýaly adam ähli ilata namys getirer (H. Derýaýew). Namysyna degmek 1) abraýdan düşmegine sebäp bolmak, mertebesini pese gaçyrmak, biabraý etmek, kemsitmek. 2) gyz maşgala el degirmek, el garmak, zorlamak. Namysyny depelemek 1) mertebesini peseltmek, býabraý etmek. 2) zorlamak.


Axir izdelgen sözler: