medeniýet
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
medeniýet
[medenýet], at. 1. Adamzadyň önümçilikde, jemgyýetçilik we ruhy durmuşynda aň-düşünjelilik bilen gazanan üstünlikleriniň jemi. 2. Haýsy hem bolsa bir hojalyk pudagynyň ýa-da akyl işiniň ösüş derejesi. Ýer işleriniň medeniýeti. Dil medeniýeti. 3. Nusga bolup galan ýörelge, kabul edilen kada-kanunlar.
‣Medeniýet ojagy medeniýetiň gülläp ösýän ýeri. Medeniýet öýi her hili medeni-köpçülik çäreleri, işleri geçirilýän ýörite jaý.