turklehceleri.org

kädi

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

kädi

[kä:di], at. 1. Pazyly we ýapraklary uly bakja ekini. Olar kädi, garpyz ekmek üçin hem ýerleri ekişe taýýarladylar. 2. Şol bakja ekininiň hasyly. Çorba kädi atyp bişirmek. 3. Tamdyranyň we gyjagyň içi köwlüp agaçdan edilýän we ses, owaz çykarmak üçin hyzmat edýän esasy bölegi (gyjagyň kädisi suw kädiden hem edilýär). Kimsi oňa goşmaça perde ýelmedi, kim kädisini süýri etdi, kim gapagyny goşalady (“Edebiýat we sungat”). 4.gepl.d. Nas guýulýan kiçijik gap (ol sözüň nas kädi görnüşi hem bar). Soňra kädisini ýanyndakylara uzatdy (B. Seýtäkow). 5. göç. m. Baş, kelle. Meniň kädimde beýnimden başga nämäm bar? (B. Kerbabaýew).
 ‣Kädä ýel düşen ýaly hüňür-hüňür edip, tükeniksiz gürläp oturan adam barada ulanylýan meňzetme. Kädä ýel düşen ýaly, şol hüňürdäp otyr. Kädi bulamak ownuk dogralyp, gaýnadylan kädiniň üstüne ýag guýlup taýýarlanýan nahar.


Axir izdelgen sözler: