inçe
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
inçe
[i:nçe], syp. 1. Ýogyn däl, ýogyn bolmadyk. Inçe süýümli pagta.2. Syrdam. Inçe boýly ýigit.3. Belent, ýiti (ses barada). Ol inçejik owazly sesi bilen hemmelerden tapawutlanýardy (“Watan”). 4. Dar, giň däl. Inçe ýoda. 5. gepl. d.,ser. Inçekesel. Süňk inçesi.
‣Inçe damaryny tapmak biriniň ugruny tapmak, işiňi bitirtmek üçin halaýan, gowy görýän zadyny bilmek. Inçe damaryny tapaýmasaň, sözüňi-de diňlemez. Inçeden yzarlamak her bir zadyň aňyrsyna ýetmek üçin, göze görünmeýän, ýadyňa düşmeýän taraplaryna üns bermek. Inçe egrip, syk dokamazlyk inçe iş etmezlik. Senem inçe egrip, syk dokaňok-la, öý işlerine-de yetişmedik bolýaň, keýgim. Inçe iş haly dokamak, tahýa tikmek, kürte bejermek, surat çekmek ýaly ýerine ýetirmesi kyn işler.