huruş
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
huruş
at.1.Çörek bilen iýmek üçin gerekli iýmit (nahar, çorba, gowurma, et, ýag we ş.m.). Indi biziň hurşumyz gutardy.Indi olar çörege huruş bolar ýaly süýt-gatyk berip duran sygyrjyk edinmek küýüne düşdüler (B. Kerbabaýew). 2.Peşeňiň içine guýulýan däri.
HURUŞ [huru:ş], at, k.d. Gykylyk, galmagal; gowga.
‣Huruş eýlemek joşmak; gygyrmak. Yşk derýasy doldy, daşdy, gaýnady, Täze huruş eýläp, gyzmaly boldum (Magtymguly).Huruşa gelmek joşa gelmek. Jan huruşa geldi, gaýnap-joşmadym, Ýüregim möwç urdy, dolup-daşmadym (Magtymguly).