gürrüň
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
gürrüň
at. 1. Pikir alyşmak üçin iki ýa-da köp adamyň arasynda bolýan gepleşik, söhbet. 2. Il içinde bolýan dürli çaklama habar, myş-myş. Garaz, bu gürrüň onunjy, on bäşinji adamdan geçip, saý-sebäp bilen onuň gulagyna ýetipdir (B. Seýtäkow). 3. Biri ýa- da bir zat hakynda edilýän söhbet.
‣ Gürrüň açmak bir mesele hakynda gürrüň edip başlamak, söz açmak. Gürrüň bermek bir zat hakynda birini habarly etmek, aýtmak. Gürrüň bolmak eden bir etmişiň, ýazygyň üçin il agzyna düşmek, gybat üçin esas bolmak, masgara bolmak. Ol bolgusyz hereketi bilen ile gürrüň boldy.Gürrüň çykmak bir zat barasynda gürrüň ýaýramak, myş-myş döremek. Gürrüňe gyzmak edilýän gürrüňe pugta girişmek, gürrüňe keýpiň göterilmek. Gürrüňi başga tarapa sowmak edilýän gürrüňi başga ugra ugrukdyrmak, sowmak. Gürrüňi bolmaz (ýok) birinden bir zat haýyş edilende “hökman bitirerin” diýen manyda berilýän jogap, gaýtargy . Gürrüňi çöpe-çalama urmak kesgitli zat aýtmazlyk, bulaşdyrmak, ikuçly edip goýmak, gümürtik, bolgusyz gürlemek. Gürrüňi näme?!ser. Gürrüňi bolmaz (ýok). Gürrüňiň alyşmak biri bilen ümmüldeşip gitmek, biri-biriňe oňat düşünişmek, gepiň alyşmak.