gyrmak
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
gyrmak
II, işl.1. Bir zadyň büdür-südür ýerini ýonmak, ýylmamak, gazap aýyrmak. Polady berk paltany gyryp gutarmak aňsat iş däl (B. Kerbabaýew). 2. Bir zady kesmek, gyrkmak, gyrkyp aýyrmak. Her syrymdan soň darak kakyp, her iki syrymdan hem çitim gyrýardylar (“Edebiýat we sungat”). 3. Üzmek, ýolmak, ýok etmek. Möýüň kerebini gyrmak. 4. Ýüzündäki hapasyny, kesmegini we ş.m. zatlaryny aýyrmak. Çorbanyň ýüzüne çykan köpükleri gyryp aýyrmak. 5. Bölek-bölek edip kesmek, çapmak, kerçemek. Ýorunjany gyryp, goýna berseň gowy iýýär. 6. Belli bir sebäbe görä sesiňi boguk çykarmak. Sowuk suw sesini gyrypdyr.