gurmak
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
gurmak
[gurmok], işl.1. Bir zady bina etmek, salmak, dikmek. Jaý gurmak. Bent gurmak. Köpri gurmak. 2. Emele getirmek, düzmek, döretmek. Garaşsyz döwlet gurmak. Adalatly jemgyýet gurmak. 3. Gapan, duzak ýaly aw gurallaryny aw tutmaga taýýar edip goýmak. Gapan gurmak. Çirtmek gurup goýmak. 4. Tow berip, belli bir wagta sazlap goýmak (sagat hakynda). Sagady üçe gurduk. 5. Gan ýeterlik derejede barman, adamyň eli, aýagy we ş.m.ýeri doňmak, guruşmak. Eliň gurmak.