turklehceleri.org

gujak

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

gujak

[gujok], at.1. Iki eliňi aýlap alanyňda kükrek bilen eliň aralygynda emele gelýän giňişlik. – Kes sesiňi, it ogly – diýip, enesiniň gujagyndaky çaga gamçy çaldy(B. Seýtäkow). 2. Iki eliňi aýlap alanyňda aralykda ýerleşýän zat, takmyn mukdary görkezýän ölçeg. Bir gujak ot. 3. göç.m. Bir zadyň içi, göwsi. Lowurdap çykan güneş indi bütin şäheri öz gujagyna alypdy, gözýetim indi has giňäpdi (B. Kerbabaýew).
 ‣ Gujak açmak mähirli garşy almak, güler ýüz bilen kabul etmek, gujak gerip garşylamak. Ýakymly güneş jümle-jahana gujak açýardy (B. Kerbabaýew).


Axir izdelgen sözler: