geňeş
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
geňeş
at. 1. Bir mesele boýunça biri-biriň arasynda geçýän maslahat. Ertirden soň atadyr ogullaryň arasynda kiçijik geňeş boldy (A. Gowşudow). 2. Bir mesele hakynda pikir alyşmak maksady bilen geçirilýän ýygnanyşyk, ýygnak, maslahat.
‣ Geňeş toýy toý edilmezinden öň toýuň çykdajylary, tutumy, çagyryljak adamlar we ş.m. hakynda pikir alyşmak üçin toý eýesiniň özüne ýakyn adamlar bilen geçirýän maslahaty.