gaty
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
gaty
syp. 1. Ýumşak däl, daş ýaly. Gaty ýer. 2. Berk, gaýym, ykjam, pugta. Guşagy gaty çekmek. Bagjygy gaty daňmak. 3. Çasly, güýçli, batly (ses hakynda). Ol gaty geplemän, diňe hamsygyp hümürdedi (B. Kerbabaýew). 4.Örän, juda, has, uçursyz, bijaý, çendenaşa. Gaty täsin waka. 5. Batly, çalt, tiz, basym, aýagaldygyna (hereket hakynda). Öňki atly galdy, emma indi başga bir atly gaty kowýar (“Görogly”).
‣ Gaty gitmek hetden aşmak, çenden çykmak, çen- çakyňy bilmän, hetdiňi tanaman, öte geçmek. Paý-paý, aga, gatyrak gitdiň-ow! Öwez, jan, gatyrak giden bolsam, kyrklaryň kyrk ýapynjasy bilen meni pugta basyr (“Görogly”). Gaty görmek birinden bir zady göwnüňe almak, göwnüň galyp öýkelemek, ýokuş görmek. Onyň oba gelip, bize salama gelmeýşini gaty gördüm. Gaty söz aýtmak birine göwne deger ýaly ýaramaz söz aýtmak, gaty-gaýrym söz diýmek. Gaty umyt bolmak tamaňy üzmek, umydyňdan el çekmek, umydyň tala daňlan ýaly bolmak. Gaty umyt etmek tamasyny üzdürmek, umydyňdan el çekdirmek.