garantga
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
garantga
at. 1. Mal-gara, guş gelmezlik üçin ekiniň içinde adama meňzedilip goýulýan şekil. Öz ekinine garantga dikipdi (N. Esenmyradow). 2. Duşmanyň ünsüni sowmak, aldamak üçin adama meňzedilip goýulýan zat.
‣Garantga ýaly bolup durmak biriniň golaýyndan aýrylman gazarylyp durmak. – Näme, garantga ýaly bolup dursuň, eliňe piliňi al-da işläber.