dolmak
Türkiye Türkchisi – Tatarche Lughet (Ganiyev, 1998)
dolmak
ф. 1) тулу; 2) тәмамлану
ercilasun1991
dolmak
Türkiye Türkçesi: dolmak
Azerbaycan Türkçesi: dolmag
Başkurt Türkçesi: tulıv
Kazak Türkçesi: toluv
Kırgız Türkçesi: tolū
Özbek Türkçesi: tolmàḳ
Tatar Türkçesi: tulu
Türkmen Türkçesi: dōlmak
Uygur Türkçesi: tolmak
Rusça: napoln'at's'a
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
dolmak
[do:lmok], işl. 1. Içi büs-bütin doly bolmak, püre-pür bolmak. Ýagyş suwundan dolan oýtaklar. 2. Köp bolup bir ýere ýygnanmak, üýşmek, toplanmak. Sähel wagtyň içinde giň meýdan ýeňil eýerlenen ...atlardan doldy (B. Seýtäkow). 3. Ýerine ýetmek, berjaý bolmak. Ýurdumyzyň pagta borçnamasy doldy. 4. Belli bir möhlete, ýaşa ýetmek. Şu ýylyň başynda meniň elli ýaşym doldy. 5. Ýaýramak, äşgär bolmak. Ol, kakasy daş çykaýdygy, oba dolan myş- myşlaryň anygyna ýetmäge howlugýardy (B. Gulow). 6. Bir zada gaty gaharlanyp çişmek. Ahyry Myrat agadan razyçylyk bolmajagyny bilip, birden çym-gyzyl bolup doldy (H. Derýaýew). 7. Ini-boýy ýetmek, ýetjek derejesine ýetmek. Dolan Aý giň äleme şöhle seçýärdi (A. Gowşudow). 8. Gujaga girmek. Ol alňasaýardy, gözi bilen görmedik, duýgy bilen seçmedik näzeniniň goltugyna dolasy gelýärdi (G. Kulyýew). 9. gepl.d. Üstüni ýetirmek, artdyrmak. Haltaňyzyň üstüni doluň. Puluň üstüni dolmak.
‣Dolup oturmak 1) aýy-güni ýetik göwrelilik halynda bolmak. Şol wagt aýalym dolup otyrdy (“Edebiýat we sungat”). 2) gahar-gazaply ýagdaýda bolmak. Ol soňky eşiden habaryna näme etjegini bilmän dolup otyrdy.