dereje
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
dereje
I, at. 1. Gyzgynlygyň we ş.m. ölçeg birligi. 6-7 günden soň, Akmyradyň gyzgyny 39-40 derejä mündi (A. Durdyýew). 2. Berilýän ylmy, harby we ş.m. at. 3. Hal, ýagdaý. 4. Çäk, het. Wepanyň öňki gaharly görnüşi iň soňky derejä çykdy (A. Gowşudow). 5. Wezipe kär, ýolbaşçylyk. Azajyk dereje ýetse, Käbiri salam alyşmaz (Ç. Aşyr). 6. Mertebe, abraý. Ýaşlykda özüni ile tanadan, Alkyş alyp derejesi zor bolar (Magtymguly). Biz muny özümize ägirt uly dereje diýip bilýäris (B. Seýtäkow). 7. dil b. Hereketiň eýesi bilen habarynyň arasyndaky gatnaşyklary görkezmäge ukyby bolan işlik görnüşleri. Düýp dereje. Gaýdym dereje. 8. dil b. Sypatlaryň hil aýratynlygynyň nä haldadygyny bildirýän dereje. Artyklyk dereje. Kemlik dereje. Söýgülik dereje.
DEREJE II, at, ýerli g. Penjire, äpişge.